Türkiýäniň milli ýygyndysy 24 ýyldan soňra şu ýylyň tomsunda ABŞ-nyň, Meksikanyň we Kanadanyň bilelikde gurnaýan futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy. Dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynyň pleý-off tapgyrynda myhmançylykda Kosowa toparyny 1:0 hasabynda ýeňen Türkiýäniň ýygyndysy 3-nji gezek dünýä çempionatynda çykyş eder.
Kosowanyň “Fadil Wokrri” stadionynda geçirilen duşuşygyň ýeke-täk goluny 53-nji minutda Kerem Aktürkogly geçirdi. Şeýlelikde, Türkiýäniň ýygyndysy üstünlikli çykyş edip, taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykmak üçin bäsleşen Kosowadan üstün çykdy.
Türkiýäniň ýygyndysy dünýä çempionatynda “D” toparçada ABŞ-nyň, Paragwaýyň hem-de Awstraliýanyň ýygyndylary bilen duşuşar.
Türkiýä soňky gezek 2002-nji ýylda Günorta Koreýa bilen Ýaponiýanyň bilelikde gurnan dünýä çempionatyna gatnaşyp, çempionatda 3-nji orny eýeläpdi.
Türkiýäniň ýygyndysy mundan ozal hem, 1950-nji we 1954-ji ýyllarda dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe bolupdy. Ýöne 1950-nji ýylda şol döwürdäki kynçylyklar sebäpli çempionata gatnaşyp bilmändi.
