DÜNÝÄ

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow Ýaponiýanyň Daşary işler boýunça Döwlet ministri Aýano Kunimitsu bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda Ilçi A. Baýramow 2025-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran saparyny guramakda berlen goldaw üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de türkmen tarapynyň Ýaponiýanyň Premýer-ministri S.Takaýitiniň Türkmenistana saparyny ýapon tarapy üçin amatly wagtda guramaga taýýardygyny nygtady.

Taraplar ýokary derejeli saparlaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we parlamentara hyzmatdaşlygy, energetika howpsuzlygy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem köptaraplaýyn meýdançalardaky özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

A.Kunimitsu hem ýurtdaky häzirki ýagdaý bilen baglylykda Eýrandan ýapon raýatlarynyň howpsuz çykarylmagyny üpjün eden ynsanperwer geçelgäni döretmekde ýardam berendigi üçin Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy

Türkmenistan «Green EXPO 2027 Yokohama» halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirýär