JEMGYÝET

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Uganda Respublikasynyň Daşary işler boýunça döwlet ministri Genri Oriýem Okellonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-uganda hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, şeýle hem medeni-ynsanperwer ugurlardaky häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary derejelerdäki duşuşyklara we saparlara aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, Uganda Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbandjiniň 2025-nji ýylyň awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmagynyň, şeýle hem uganda wekiliýetiniň 2025-nji ýylda Türkmenistanda geçirilen beýleki halkara çärelere gatnaşmagynyň ähmiýeti nygtaldy.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirilmegiň möhümdigini nygtap, taraplar Türkmenistanyň we Uganda Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň birinji tapgyryny 2026-njy ýylyň ikinji ýarymynda Aşgabatda geçirmäge bolan özara gyzyklanmasyny tassykladylar.

Halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş meseleleri boýunça iki ýurduň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.

Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň we işewür hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň geljegine, hususan-da oba hojalygy, nebitgaz ulgamy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin platformany döretmek meselesine aýratyn üns berildi.

Şeýle hem bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara gyzyklanma döredýän ähli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri