JEMGYÝET

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurdumyzda Oraza baýramy 20-nji martda belleniler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 2026-njy ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta duşenbe gününe geçirildi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň halky biri-biriniň yzyndan gelen Oraza hem-de  Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz günlerinde 4 gün dynç alarlar.

Milli baýramlar mynasybetli dynç günleri 20-nji martda başlap, 23-nji marta çenli dowam eder.

24-nji mart, ýagny sişenbe güni iş güni bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkynyň Oraza hem-de  Milli bahar baýramyny dabaraly belläp geçmek hem-de oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, degişli resminama gol çekendigi bellenildi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady