JEMGYÝET

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem Oraza aýy hem-de mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna we ilkinji nobatda bolsa, çagalaryna dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň nyşany hökmünde derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerinden hem-de beýleki önümlerinden ybarat ynsanperwer ýüküni Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ibermek bellenildi.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Mälim bolşy ýaly, Eýranda bolup geçýän wakalar sebäpli Azerbaýjan Respublikasy, şeýle hem Russiýa Federasiýasy ýaly ýurtlar hem ynsanperwer kömeklerini iberdiler.

Related posts

Avaza’da modern spor kompleksi inşa edilmektedir

vepa

BK Toplandı : Avaza’da ECO Ulaştırma Bakanları Toplantısı yapılacak

vepa

Ermenistan Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

vepa