Türkmenistanyň Ilçisi Sapar Pälwanow Belgiýanyň döwlet ministri (Ýewropa Geňeşiniň öňki Başlygy we Belgiýanyň öňki Premýer-ministri) Şarl Mişeli we onuň maşgalasy Ameli Derbodrengýeni Türkmenistanyň Brýusseldäki ilçihanasynda kabul etdi.
Saparyň dowamynda myhmanlar üçin ilçihananyň binasy boýunça gysgaça tanyşdyryş gezelenji guraldy. Onuň dowamynda myhmanlara diplomatik wekilhanada ýerleşdirilen Türkmenistanyň baý medeni mirasynyň nusgalary görkezildi. Ilçi Pälwanow myhmanlary türkmen halkynyň däp-dessurlary, şol sanda ýurduň milli medeniýetiniň möhüm nyşanlary bolan türkmen halyçylyk sungatynyň we milli şaý-sepleriň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.
Gysga gezelençden soňra taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy, şeýle hem Belgiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça ýewropaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk we institusional binýadyny mundan beýläk-de berkitmegiň we çuňlaşdyrmagyň ähmiýeti nygtaldy.
Ilçi Pälwanow Şarl Mişeliň Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda tutýan ornuna aýratyn üns berdi. Onuň Ýewropa Bileleşiginiň ünsüni sebitimize gönükdirmekde we hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny, aýratyn-da ulag ulgamyndaky arabaglanyşygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary bellenilip geçildi.
Taraplar sebitdäki özgerişlikler barada hem pikir alyşdylar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky agzybirligiň barha artmagy we sebit meselelerini çözmekde utgaşykly hereket edilmegi oňyn baha berildi.
Türkmenistanyň çylşyrymly geosyýasy şertlerde ýerleşýändigine garamazdan, sebitde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe goşant goşýan durnukly hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki ornuna aýratyn ähmiýet berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar gepleşikleri dowam etdirmäge we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmäge taýýardyklaryny bildirdiler.
