ABŞ-nyň Döwlet departamenti FIFA Dünýä Kubogy 2026 oýunlaryna gatnaşmak isleýän daşary ýurtly tomaşaçylar üçin täze mümkinçilik — FIFA PASS ulgamynyň işe girizilendigini habar berdi.
Resmi maglumata görä, fifa.com arkaly ABŞ-da geçiriljek oýunlar üçin bilet satyn alan, ýöne heniz ABŞ wizasy ýok bolan janköýerler FIFA PASS ulgamyna ýazylmak arkaly wiza söhbetdeşligi üçin öňünden bellik (prioritet) almak mümkinçiligine eýe bolup bilerler.
Bu ulgam esasan hem:
ABŞ-a girmek üçin B1/B2 myhman wizasy gerek bolanlara,
FIFA-dan resmi bilet satyn alanlara,
we FIFA PASS saýlan we tassyklanan ýüz tutujylara degişli.
Şeýle-de bolsa, ABŞ-nyň resmileri ähli dalaşgärleriň beýleki wiza ýüz tutujylar ýaly doly barlagdan geçmelidigini we wiza almak hukugyny aýratynlykda subut etmelidigini belleýär.
🔹 Möhüm: FIFA PASS diňe wiza söhbetdeşligine öňe geçmäge kömek edýär — wiza beriljekdigine kepillik bermeýär.
Gyzyklanýanlar üçin has giňişleýin maglumat ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi sahypasynda ýerleşdirilýär.
