DÜNÝÄ

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Waşingtonda geçirilmegine taýýarlyk görülýän Parahatçylyk geňeşiniň birinji resmi mejlisine gatnaşar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Özbegistanyň Baştutany täze halkara gurama bolan Parahatçylyk geňeşiniň düzgünnamasyna gol çekdi we munuň netijesinde Özbegistan bu düzümiň esaslandyryjy döwleti derejesine eýe boldy.

Parahatçylyk geňeşiniň birinji resmi mejlisi 19-njy fewrala meýilleşdirildi. “Özbegistan 24” telekanalynyň belleýşi ýaly, bu gurama ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlangyjy bilen döredildi.

Özbegistanyň Parahatçylyk geňeşiniň esaslandyryjy döwletleriniň hataryna girýändigini göz öňünde tutup, Şawkat Mirziýoýewiň birinji mejlisiň işine gatnaşmagyna garaşylýar.

Related posts

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Astanada “Merkezi Aziýa-Italiýa” birinji sammiti geçiriler

ABŞ-nyň Prezidenti “H-1B” wiza programmasyna täze çäklendirme girizdi