DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy

Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazow Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminama Hökümetiň şu gün geçirilen giňişleýin mejlisinde gol çekdi.

Ç.Babanyýazow bu wezipä 2023-nji ýylyň iýul aýynda bellenilipdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Öwezgeldi Amanberdiýewiç Goşjanow Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Related posts

Türkmenistanyň we Eswatininiň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

BSGG-niň başlygy: pandemiýany aradan aýyrmak üçin 3 çözgüt

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherinde şepagat uýalary üçin okuw merkezi açylar