SPORT

Gyşky Aziada–2029 Gazagystanda geçiriler

Italiýanyň Milan şäherinde Gazagystanda 10-njy Gyşky Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça ylalaşyga gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada “Kazinform” agentligi habar berýär.

2029-njy ýylda geçiriljek Gyşky Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky şertnama Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen Gazagystanyň Milli Olimpiýa Komiteti tarapyndan gol çekildi. Dabara Gazagystanyň Milli Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Gennadiý Golowkin hem gatnaşdy.

Gol çekişlik dabarasyna Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti Şeýh Jauan bin Hamad Al Tani, Halkara Olimpiýa Komitetiniň agzalary, halkara we yklym federasiýalarynyň prezidentleri hem-de wekilleri, ýokary wezipeli resmi adamlar we Milli Olimpiýa Komitetleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bellenip geçilmeli zat, 2029-njy ýyldaky Gyşky Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugy ilki bilen 2022-nji ýylda Saud Arabystanyna berlipdi. Emma geçen aý Saud Arabystanynyň Olimpiýa we Paralimpiýa Komiteti bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilelikdäki beýannama ýaýradyp, ýaryşlaryň näbelli möhlete süýşürilendigini mälim etdiler.

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi