SPORT

UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, sanawy 9-njy ýerde tamamlan “Real Madrid” bilen “Benfika” duşuşar. Iki topar liga tapgyrynda-da 8-nji duşuşyklarda gabatlaşypdy we portugal kluby 4-2 hasabynda ýeňipdi.

“Interiň” bijesine bolsa Norwegiýanyň “Bude-Glimt” topary düşdi. Soňky çempion PSŽ edil geçen möwsümdäki ýaly, pleý-off tapgyrynda ýene-de fransuz kluby bilen, “Monako” bilen 1/8 finala çykmak üçin göreşer. Geçen möwsümde PSŽ topary “Brest” toparyny uly hasaplar bilen ýeňip, ýaryşdan çykarypdy.

Şeýle-de, “Galatasaraýyň” bijesine “Ýuwentus” çykdy.

Pleý-off tapgyrynyň 1-nji duşuşyklary 17-18-nji fewralda, jogap oýunlary bolsa 24-25-nji fewralda geçiriler.

1/8 finalyň bijeleri bolsa 27-nji fewralda çekiler.

Pleý-off tapgyrynyň bijeleri:

“Borussiýa Dortmund” – “Atalanta”

“Olimpiakos” –”Baýer”

“Galatasaraý” – “Ýuwentus”

“Brýugge” – “Atletiko Madrid”

“Garabag” – “Nýukasl”

“Monako” – “Pari Sen-Žermen”

“Benfika” – “Real Madrid”

“Bude-Glimt” – “Inter”

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy