Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary okgunly ösüşe eýe bolýar. 2025-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda umumy söwda möçberi takmynan 2 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok metbugat wekilleri bilen duşuşygynda habar berdi.
Türkiýäniň ilçisi ýakyn geljekde özara söwdanyň möçberini 5 milliard ABŞ dollaryna ýetirmek babatda mümkinçilikleriň bardygyny belläp, her ýyl Türkmenistanda geçirilýän Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 12-nji sergisini 10-12-nji fewralda Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolatyň gatnaşmagynda amala aşyrmagy meýilleşdirýändiklerini belledi.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň iýul aýynda Türkiýede ilkinji gezek “Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi” geçirildi. Bu sergi, iki ýurduň işewürleriniň bir ýerde jemlenmegi we türkmen harytlarynyň Türkiýede tanyşdyrylmagy üçin örän peýdaly boldy.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk topary ykdysady gatnaşyklaryk ösdürilmegine möhüm gural boup durýar. Bu topar 8-nji mejlisi 2025-nji ýylyň 25-nji fewralynda Ankarada geçirildi.
Nobatdaky 9-njy mejlis bolsa, şu ýylyň aprel aýynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň we Ministrler Kabinetiniñ Başlygynyñ orunbasary Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygynda geçirilmegi meýilleşdirilýär – diýip, ilçi belledi.
Türk kompaniýalary Türkmenistanyň garaşsyzlygyny alanyndan häzirki wagta çenli Türkmenistanda 54 milliard dollardan geçýän, 1000-den gowrak taslamany üstünlikli tamamlady.
Türk kompaniýalary öňki ýyllardan dowam edýän we täze başlanjak taslamalar bilen bilelikde takmynan 10 milliard dollarlyk taslamalary amala aşyrmagyna garaşylýar.
Geljekde “akylly şäher” konsepsiýasy esasynda gurulýan Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyry ýaly döräp biljek täze taslamalarda türk kompaniýalary elmydama täze işleri öz üstüne almaga taýýardyr.
