Eswatininiň Mbabane şäherine iş saparynda bolan Türkmenistanyň işewür wekiliýeti bu ýurduň Premýer-ministri Rassel Mmisо Dlamini tarapyndan kabul edildi.
Duşuşykda Eswatinide mümkin bolan maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, “The Times of Eswatini” gazeti habar berýär.
Türkmenistanyñ Hökümetiniň tabşyrygy esasynda amala aşyrylan işewürlik saparynyň çäklerinde “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Abdurahmanow Hydyrberdi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýet Eswatinide birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdiler. Saparyň esasy maksady — hyzmatdaşlyk üçin amatly ugurlary kesgitlemek.
Duşuşygyň dowamynda wekiliýet Eswatiniden şeker satyn almaga uly gyzyklanma bildirendigini, munuň bolsa ýurduň esasy oba hojalyk önümleriniň biri üçin täze eksport bazarlaryny açyp biljekdigini mälim etdi diýip, çeşme belleýär.
Taraplar şeýle hem Eswatinide dürli pudaklarda maýa goýum mümkinçiliklerini we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Premýer-ministr öz hökümetiniň daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmäge ygrarlydygyny nygtady. “Bu sapar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýlandan soň möhüm döwürde amala aşyrylýar,” — diýip, Dlamini belläp geçdi.
Premýer-ministr Eswatininiň türkmen kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny hem tassyklady.
Söwda we maýa goýumlardan başga-da, Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri Eswatininiň gözel tebigatyna we myhmansöýer halkyna ýokary baha berip, bu ýurduň özüne çekiji syýahatçylyk ugrunyň mümkinçiliklerine eýedigini bellediler.
Duşuşyga Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri, senator Folile Şakantu, Içeri işler ministri şa gyzy Lindiwe hem-de Eswatininiň BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ýanyndaky ilçisi Tami Dlamini gatnaşdy. Bu ýagdaý saparyň strategik ähmiýetiniň ýokarydygyny görkezdi.
