DÜNÝÄ

Iňlis dili okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine şahadatnamalary gowşuryldy

Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen «QED Group LLC» amerikan kompaniýasy tarapyndan bilelikde guralan iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklaryna gatnaşan Mejlisiň wekillerine  degişli şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud we «QED Group LLC» amerikan kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň meýilnamasy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň we hünärmenleriniň iňlis dili boýunça bilimlerini kämilleşdirmäge, gepleşik-ýazuw  endiklerini ösdürmäge, halkara hyzmatdaşlykda hem-de daşary ýurt tejribesini özleşdirmekde mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirildi.

Dabaranyň dowamynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Elizabet Rud okuw sapaklaryna gatnaşyjylara gutlag sözlerini aýtdy we iňlis dilini öwrenmegiň häzirki döwüň talaplaryndan ugur alýandygyny, onuň halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýedigini we geljekde şeýle bilim taslamalarynyň dowam etdirilmeginiň mümkinçilikleri barada belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklarynyň netijeliligini we ähmiýetliligini bellemek bilen, kanunçykaryjylyk we parlament işiniň kämilleşdirilmegi, dürli ugurlar boýunça halkara, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, özleriniň netijeli we döredijilikli işlemekleri babatda döredip berýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Dabaranyň ahyrynda iňlis dilini öwrenmek boýunça kämilleşdiriş okuw sapaklaryna gatnaşan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekillerine  degişli şahadatnamalar gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Tbiliside Bütindünýä türki diller maşgalasynyň güni bellenildi

Türkmenbaşy we Baku Halkara deňiz portlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

TOPH taslamasy Hyratda: turbageçiriji üçin 91 kilometr taýýar edildi

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar

2026-njy ýylda Gazagystana haýsy dünýä ýyldyzlary geler

Döwlet migrasiýa gullugynyň Tejen etrap bölüminiň täze edara binasy açyldy