Peder ýoluny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany wezipesine girişen gününden beýläk ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri giňden ýaýbaňlandyrmak bilen, onuň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna uly yhlas siňdirip gelýär. Şunda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýola goýlan her bir ýyly manyly şygarlar bilen atlandyrmagyň möhüm ähmiýeti bar.
Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň Gündogaryň müçenamasynda ýylky, ýagny bedew ýyly bolup gelýändiginiň aýratyn uly ähmiýete eýedigi, şeýle-de halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda ahalteke bedewlerine uly ornuň degişlidigi baradaky pähimlerinden, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýan berkarar Watanymyzda ähli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri dabaralandyrmak maksady bilen, halk wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipleriň esasynda, 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip atlandyryldy.
Üstümizdäki ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýen şygary halkymyzy, Watanymyzy bedew bady bilen ösüşlere atarar, şunda Milli Lidermiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň belent tutumlary uly ähmiýete eýedir.
Bu täze ýylyň şygary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, döwletlilik ýörelgelerine we geljege bolan beýik ynamyna esaslanýar. Makalanyň mazmunynda aşakdaky üç sany esasy ugur jemlenýär:
-
Garaşsyzlyk we Bitaraplyk: Türkmenistanyň sarsmaz binýady bolan Garaşsyzlyk we hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýäde parahatçylygyň, dostlugyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň nusgasydyr.
-
Bedew batly ösüş: Ahalteke bedewi – türkmen halkynyň milli buýsanjy we çalt ösüşiň nyşanydyr. Ýurdumyzyň ykdysady, durmuş we ylmy ulgamlarynyň bedew batly ösüşi şu şygarda öz beýanyny tapýar.
-
At-myrat: Halkymyzyň “At – myrat” diýen pähimli jümlesi, arzuwlaryň amala aşmagyny, maksada okgunlylygy we rowaçlygy aňladýar.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň durmuşynda uly orun eýeläp, tebigy gözelligi bilen bütin dünýäni haýrana goýýan, türkmen halkynyň göz guwanjy, uçar ganaty bolan ahalteke bedewlerimize çäksiz hormat-sarpa goýulýar. Täze taryhy döwürde Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň açylyp ulanmaga berilmegi, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanýan halkara ýeňişleri türkmen atçylyk sungatynyň abraýyny has-da artdyrýar.
Türkmen halky ençeme maddy gymmatlyklary döreden, umumadamzat medeni hazynasyna uly goşant goşan halkdyr. Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli we dünýä medeniýetiniň gudraty hasaplanýan ahalteke bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da şöhratlandyrdy.
Ahalteke atlaryna «asman atlary», «behişdi bedewler» diýlip mynasyp baha berilýär. Häzirki bagtyýar döwrümizde ahalteke bedewiniň buýsançly şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň merkezinde orun alandyr. Bedew atlarymyz milletimiziň buýsanjy bolup Ýer ýüzüne ýaň salýar.
Mahlasy, «At — myrat» diýen paýhasly jümläni döreden halkymyz nurana arzuwlaryny, beýik maksatlaryny bedewler bilen baglanyşdyrypdyr. Gözelligiň we kämilligiň naýbaşy nusgasy hökmünde ykrar edilen ahalteke bedewi Türkmenistanyň täze taryhy eýýamdaky okgunly ösüşleriniň baş nyşanyna öwrüldi.
Daýanç Ataýew,
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň harby talyby.
