DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Belarus medeni hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet, syýahatçylyk we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça  orunbasary Bahargül Seýidowa bilen duşuşdy. Bu barada Belarusyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Taraplar medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy, şol sanda Medeniýet günlerini, sergileri we beýleki çäreleri guramak meselelerini, şeýle hem Minsk bilen Aşgabadyň arasynda göni awiagatnawlary dikeltmek meselesini maslahatlaşdylar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Belarus Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk boýunça  orunbasary T.Atahallyýew bilen duşuşypdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan: parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

Özbegistanda «Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumy geçirildi

Türkmenistan «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» birinji Parlamentara forumyna gatnaşdy

Belarus bilen Türkmenistan awiasiýa hem-de ulag-logistika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Beýik Britaniýanyň Patyşasy ABŞ-da saparda bolar

“Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi