CES 2026 Las VegasJEMGYÝET

Las-Wegasda “CES 2026” başlady: “Atavatan Media” 30-dan gowrak ýörite söhbetdeşlik geçirdi

Las-Wegas şäherinde dünýäniň iň iri tehnologiýa sergisi bolan CES 2026 resmi taýdan başlamazdan ozal Media günleri çärelerine badalga berildi. Serginiň ilkinji günleri — Media günleri — dünýä metbugaty üçin ýörite guralan tanyşdyryş çäreleri bolup, bu çärelere “Atavatan Media” hem işjeň gatnaşdy.

Media günleri çäginde “Tanyşdyrylyş” çäresi geçirilip, onda emeli intellekt (AI), robotika, akylly enjamlar, saglyk tehnologiýalary, akylly şäher çözgütleri we startap ekosistemasy bilen bagly onlarça kompaniýa öz önümlerini we hyzmatlaryny ilkinji gezek metbugata hödürledi. Sergide aýratyn-da fiziki AI, hyzmat robotlary, akylly sensorlar, awtonom ulgamlary hem-de täze nesil programmalary bilen tapawutlanýan kompaniýalar uly gyzyklanma döretdi.

“Atavatan Media” tarapyndan alnyp barylan söhbetdeşliklerde 30-dan gowrak Emeli aň kompaniýasy “Atavatan” platformalary üçin çykyş edip, öz tehnologiýalary, geljek meýilnamalary we bazara getirmek isleýän innowasion çözgütleri barada  gürrüň berdiler.

Bu söhbetdeşlikler ýakyn günlerde “Atavatan TV YouTube”, “Atavatanturkmen Instagram”, “Atawatanhabarlary TikTok” hasaplarynda hem-de www.atavatan-turkmenistan.com
web sahypasynda çap ediler.

Çäreler dowam edýär. Ertir “Media Günleriniň” ikinji güni geçirilýär we onda täze tanyşdyryşlar, ýörite press-çäreler hem-de dünýä metbugaty bilen duşuşyklar dowam etdiriler.

6-njy ýanwarda bolsa “CES 2026”-nyň resmi açylyş dabarasy geçiriler. Resmi açylyşdan soň dünýäniň iň iri ýüzlerçe kompaniýasy emeli intellekt, robotika, awtomatlaşdyrma, akylly öý tehnologiýalary we senagat innowasiýalary boýunça iň soňky ösüşlerini dünýä jemgyýetçiligine hödürlär.

“CES 2026” 9-njy ýanwara çenli dowam eder we bu döwürde müňlerçe kompaniýa, startap, alym, inžener we metbugat wekilleri Las-Wegasda jemlenip, geljek tehnologiýalarynyň ugruny kesgitlejek çözgütleri ara alyp maslahatlaşarlar.

“CES 2026”-nyň dowamynda emeli intellektiň (AI) jemgyýetdäki orny, onuň iş bazaryna, bilim ulgamyna, saglyga, senagata we gündelik ýaşaýşa ýetirýän täsiri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. Fiziki AI, robotika, awtonom ulgamlary, akylly şäherler, saglyk tehnologiýalary we maglumat howpsuzlygy ýaly mowzuklar serginiň esasy temalarynyň hatarynda bolar. Şeýle-de AI-niň etik çäkleri, kanunçylyk meseleleri we adam bilen tehnologiýanyň arasyndaky gatnaşygyň geljegi barada hem ýörite panel-diskussiýalar geçiriler.

Şeýle forumlar we duşuşyklar arkaly innowasiýalaryň ykdysady täsiri, täze tehnologiýalaryň bazara girmegi, investisiýa mümkinçilikleri hem-de döwletler bilen hususy sektoryň hyzmatdaşlygy aýratyn üns merkezinde saklanar. “CES 2026” diňe häzirki ösüşleri görkezmek bilen çäklenmän, geljek onýyllygyň tehnologiýa strategiýalarynyň emele gelmegine täsir edýän möhüm halkara meýdança bolup, dünýä tehnologiýa jemgyýetiniň geljek ugruny kesgitleýän esasy çärelere biri hökmünde taryha girer.

“Atavatan Media CES 2026”-dan iň täze täzelikleri, ýörite reportažlary we aýratyn söhbetdeşlikleri yzygiderli ýetirip durmagy dowam eder.

Ýene-de okaň

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň resmi web saýty işe girizildi

Tramp Türkmenistanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi

Roseniýor «Çelsiniň» baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

CES 2026: Qlay AI interwýularda galplyga garşy täze nesil çözgüdini tanyşdyrdy