SIZDEN GELENLER

Saglyk ömrüň girewidir

Jemgyýetiň we döwletimiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyny goramak Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli saglygy goraýyş ulgamyny has-da döwrebaplaşdyrmak üçin täze belent maksatlar we wezipeler goýulýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» esasynda, Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurulýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda köp işler durmuşa geçirildi.

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda adamyň saglygyny goramak, ilatyň saglyk ýagdaýyny gowulandyrmak, keselleriň öňüni almak, saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça işler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä lukmançylygynyň häzirki zaman meýillerini özünde jemleýän nusgasyny döretdi.

Saglyk – adamyň iň ýokary gymmatlyklarynyň biridir we onuň ömriň hilini üpjün edýän esasy şertidir. “Saglyk ömrüň girewidir” diýen halk nakyly, saglygyň diňe fiziki ýagdaýy däl, eýsem durmuşda üstünlikli we bagtly ýaşamagyň esasy binýadydygyny nygtaýar.

Türkmenistanda saglygy goramagy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanylýar. Jemgyýetiň we döwletiň aladasy bilen hemmetaraplaýyn saglygy goraýyş ulgamlary toplumlaýyn ösdürilýär. Millimizde saglyk bilen baglanyşykly däp-düşünjeler we nakyllar milletiň sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerine bolan derejäniň beýikligini görkezýär. “Saglyk ömrüň girewidir” hem şolaryň biridir we adamlary bedenterbiýäni, arassalygy, dogry iýmitlenmegi hem-de keselleriň öňüni almagy maksat edinmäge çagyrýar.

Saglyk – diňe keselleriň ýoklugy däldir; ol beden we ruhy deňagramlylygyň, durmuşda höwesli, işjeň we netijeli bolmagyň alamatydyr. Şonuň üçin her bir adam saglygyny gorap, ol barada jogapkärçilikli gatnaşyk saklamalydyr. Sagdyn iýmitlenmek, wagtly-wagtynda dynç almak, beden hereketini artdyrmak we zyýanly endiklerden gaça durmak arkaly berjaý edilýär.

Döwlet derejesinde hem lukmançylyk hyzmatlarynyň derejesi ýokarlandyrylýar we halk arasynda sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky Milli maksatnamalary, saglygy goramak ulgamyny hasam kämilleşdirmäge, ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Bu işler ýurdumyzda adamlaryň saglygy, ömrüniň hilini ýokarlandyrmak üçin uly möhlete eýe bolan maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändiginiň dessine subutnamasydyr.

Türkmen halky taryhy taýdan saglyga uly ähmiýet berip gelipdir. Halk lukmançylygy, arassaçylyk däpleri, tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş ýörelgeleri munuň mysalydyr. Halk nakyllary, pähimler we öwüt-ündewler arkaly saglygyň gadryny bilmek nesilden-nesle geçirilipdir.  Döwlet tarapyndan amala aşyrylýan saglygy goraýyş maksatnamalary, köpçülikleýin sport çäreleri, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän bilim-terbiýe işleri jemgyýetiň saglyk medeniýetini ýokarlandyrýar. Bu işler ýaş nesliň sagdyn ösmegini üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurduň ykdysady we durmuş ösüşine hem oňyn täsir edýär.

“Saglyk ömrüň girewidir” — diňe bir nakyl däl, eýsem saglyk bilen baglanyşykly durmuş ýörelgesiniň esasy ýörelgesidir. Ol adamy watansöýüji adam ýagdaýynda saglyga jogapkärçilikli garaýar we onuň goragyny durmuş maksady hökmünde kabul edýär.

Güljahan Merdangulyýewa,

Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby. 

Ýene-de okaň

Mekdep okuwçylaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirilýär

Täze ýylyň şatlygy-döwrüň bagtyýarlygy

Türkmen Bitaraplygynyň nobatdaky beýany

Bitaraplyk – asudalygyň nusgalyk ýoly

Türkmen Bitaraplygy – köňülleriň buýsanjy

Ata Watan Eserleri

Hoş geldiň ülkäme salam Täze ýyl

Ata Watan Eserleri