SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

22-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                  22-nji  dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün işleriňizi tertipleşdirmek üçin amatly gün. Öňden galan meseleleriňizi  ýuwaşlyk bilen çözmek size içerki rahatlyk getirer. Iş ýeriňizde jogapkärçiligiňizi çözüp  üstünlik gazanyp bilersiňiz.Güniň ikinji ýarymynda bolsa şahsy durmuşda duýgularyňyzy aç-açan beýan etmek gatnaşyklary has-da berkitmäge kömek eder.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Maliýe meselelerinde seresap bolmak maslahat berilýär. Gerekmejek çykdajylardan saklanyp, geljek üçin tygşytlamak peýdaly bolar. Iş ýüzünde sabyrlylygyňyz we yzygiderliligiňiz ýolbaşçylaryň ünsüni çeker. Maşgala agzalary bilen aragatnaşykda mähirli bolmaga çalyşyň.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün täze pikirler we gyzykly teklipler bilen baý bolar. Aragatnaşykda işjeňlik görkezmek size peýda getirer. Resmi duşuşyklar we gepleşikler üstünlikli geçip biler.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Duýgurlygyňyz bu gün has güýçli bolup biler. Işleriňizi ýürekden däl-de, akyl bilen çözmek has dogry bolar. Maşgala bilen bagly meselelerde düşünişmek möhüm ähmiýete eýedir. Güniň ikinji ýarymynda saglygyňyza üns berip, dynç almaga wagt tapyň.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Özüňizi görkezmek üçin bu gün  amatly gün. Işde täze mümkinçilikler ýüze çykyp biler. Ýakynlaryňyz  siziň pikirleriňize gulak asarlar. Emma  özüňe artykmaç ynam käwagt düşünişmezlige getirip biler, şonuň üçin sabyrly boluň.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Bu gün tertip-düzgün we anyk meýilnama üstünlik getirer. Işleriňizi ownuk böleklere bölüp ýerine ýetirmek has netijeli bolar. Maliýe taýdan durnuklylyk saklanar. Ýakynlaryňyzdan goldaw görmegiňiz mümkin.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Deňagramlylyk bu günüň esasy şygarydyr. Iş we şahsy durmuş arasynda dogry sazlaşygy tapmak möhümdir.  Resminamalar bilen bagly işleriňizde  oňyn çözgütleri tapyp  bilersiňiz. Güniň ikinji ýarymynda  gatnaşyklaryňyzda  açyklyk we ynam artar.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Möhüm kararlary kabul etmek zerurlygy döräp biler. Duýgulara däl-de, ýagdaýy seljerip hereket etmek maslahat berilýär. Iş ýeriňizde  gizlin bäsdeşlik duýulsa-da, siz öz pozisiýaňyzy saklap bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Bu gün täze maksatlardyr meýilnamalar barada pikirlenmek  üçin amatlydyr. Syýahat ýa-da okuw bilen bagly pikirler ýüze çykyp biler. Işde döredijilikli çemeleşme üstünlikleri  getirer. Şahsy durmuşyňyzda  bolsa, aç-açan söhbet peýdaly bolar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Jogapkärçilikli we işjeň gün sizi garaşýar. Zähmetiňiz bahalandyrylyp, gowy netijeler gazanyp bilersiňiz. Maliýe taýdan öňe gidişlik ähtimallygy bar. Maşgala bilen baglanyşykly meselelerde paýhasly boluň.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Täze pikirler we garaşylmadyk teklipler sizi begendirer. Iş ýeriňizde  topar bilen hyzmatdaşlyk etmek has oňat netijeleri berer. Dostlaryňyz  bilen gatnaşyklarda hoş habarlary  almak mümkin. Emma wadalary bermekden seresap boluň.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu gün içki dünýäňize üns bermek möhümdir. Döredijilikli we ruhy işler size lezzet berer. Iş ýeriňizde ownuk kynçylyklardöräp  biler, emma ähli zdy  sabyr bilen ýeňip geçersiňiz.Güniň ikinji ýaarymynda dynç almak we özüňize wagt tapmak peýdaly bolar.

Ýene-de okaň

2025;Hepdelik täleýnama (22-nji-28-nji dekabr )

Ata Watan Eserleri

21-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

20-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

18-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

17-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

16-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama