JEMGYÝET

«Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» formatyndaky indiki sammit Gazagystanda geçiriler

«Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» sammitiniň netijeleri boýunça Tokioda Jarnama kabul edildi diýip, “Kazinform” agentligi Akordanyň habaryna salgylanyp habar berýär.

Bu formatdaky başlyklyk Gazagystan tarapyna geçýär.

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary we Ýaponiýanyň Premýer-ministri indiki sammiti Gazagystanda geçirmek barada karar kabul etdiler.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaitiniň başlyklyk etmeginde geçirilen bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen bir hatarda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Related posts

BMG-niň Awaza maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Mekdep bazarlary 5-nji sentýabra çenli dowam eder

Ata Watan Eserleri