Orta bilim işgärleri üçin “ABŞ-ny öwreniş institutlary” (SUSI) maksatnamasy orta bilim ulgamynda işleýän mugallymlara we dolandyryjylara amerikan jemgyýetine, medeniýetine, gymmatlyklaryna, guramalaryna çuňňur göz ýetirmegi hödürleýän çalt depginli maksatnamadyr.Bu barada ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berýär.
Maksatnamanyň esasy maksady gatnaşyjylara orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary üçin okuw maksatnamalary işlenip düzülende ABŞ barada mowzuklary goşmak üçin maglumatlary we serişdeleri hödürlemekden ybarat bolup durýar.
Mugallymlar we dolandyryjylar* üçin bolan bu bäş hepdelik maksatnama, saglyk, howpsuzlyk hem-de syýahat kynçylyklary bolmadyk ýagdaýynda, 2026-njy ýylyň tomsunda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň dürli ýokary okuw jaýlarynda geçiriler. Her bir ýokary okuw jaýy dört hepdelik akademiki okuwyny we ABŞ-nyň başga bir sebitinde bir hepdelik okuw saparyny öz içine alýar.
* «Dolandyryjylar» topary mugallymlary taýýarlaýjylary, okuw meýilnamalaryny we kitaplaryny işläp düzmäge gatnaşyjylary, we Bilim ministrliginiň wekillerini öz içine alýar.
Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:
- Dalaşgärler 30-50 ýaş aralygynda, orta bilim ulgamynda ýa-da dil öwrediş merkezlerinde işleýän, orta derejedäki, okuwçylary takmynan 14-18 ýaş aralygynda bolan, höwesjeň we tejribeli hünärmenler bolmaly.
- Dalaşgärleriň azyndan bäş ýyl iş tejribesi bar bolmaly.
- Dalaşgärler orta bilim ulgamynda ýa-da dil öwrediş merkezlerinde işleýän orta derejedäki, höwesjeň we tejribeli hünärmenler bolmaly.
- Dalaşgärler öň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okuw ýa-da iş üsti bilen bolup görmedik ýa-da az möhletleýin bolan bolmaly.
- Işleýän okuw jaýlarynda ýa-da edaralarynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary barada öwrenişiň dürli taraplaryny okuw maksatnamasyna girizmegi meýilleşdirýän, Amerikada okan ýokary okuw jaýynyň ugry boýunça öz ýurdyndaky ýokary okuw jaýynda täze kurslary açmagy niýet edinýänler, ABŞ barada ozal bar bolan sapaklaryň üstüni ýetirmegi meýilleşdirýänler we Amerikany öwreniş ugurlary boýunça ýörite seminarlary guramakçy bolýanlara aýratyn üns berler.
Ähli dalaşgärler iňlis dilini suwara bilmeli – iňlis dilinde okamak bilen bagly bolan köp ýumuşlary ýerine ýetirmäge ukyply bolmaly, hem-de hemme seminarlara we maslahatlara doly we işjeň gatnaşmaly.
Syýahat, ýaşaýyş, okuw kitaplary, göz öňüne tutulmadyk beýleki goşmaça ownuk çykdajylar we saglyk ätiýaçlandyrmasy bilen bagly ähli çykdajylar maksatnama tarapyndan tölenilýär.
Her bir dalaşgär bu maksatnama gatnaşmaga bolan sebäbini we bu maksatnamadan garaşýan netijelerini 1 sahypada gysgaça beýan etmeli.
Ozalky ylmy işleri, iş üstünlikleri we wezipe borçlary bilen bagly maksatnama mowzuklary bilen gyzyklanýan dalaşgärlere aýratyn üns berler.
Arzalary şu sahypadan MS Word formatynda ýa-da Adobe PDF formatynda ýükläp alyp bilersiňiz. Goşmaça maglumat üçin AshgabatEducation@state.gov salgysyna e-poçta ibermegiňizi haýyş edýäris.
Anketalar 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwaryna çenli AshgabatEducation@state.gov salgysyna iberilmeli.
