DÜNÝÄ

Putin we Pezeşkian Aşgabatda duşuşdy

Aşgabatda geçirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň çäklerinde Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin daşary ýurt liderleri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Russiýanyň lideri Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkiýan bilen duşuşdy.

– Duşuşyklarymyz yzygiderli esasda geçirilýär. Ýylyň başynda biz diňe bir duşuşman, eýsem, strategik hyzmatdaşlygymyz barada örän möhüm, ähli taraplary öz içine alýan şertnama gol çekdik. Geçen ýyl haryt dolanyşygy 13 göterim, bu ýyl bolsa ilkinji üç çärýekde ýene-de goşmaça sekiz göterim artdy.

Biz esasy, giň gerimli uly taslamalarymyz boýunça işlemegi dowam etdirýäris. Bu Buşehr atom elektrik stansiýasy, şeýle hem “Demirgazyk – Günorta” ugryny goşmak bilen infrastrukturany ösdürmäge degişli taslamalardyr. Biz gaz we elektrik energiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini maslahatlaşýarys. Oba hojalygy ulgamynda uly işler dowam etdirilýär – diýip Putin belledi.

Eýranyň Prezidenti hem öz gezeginde Russiýa halkara meýdançalarynda Eýranyň başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara migrasiýa guramasynyň Geňeşiniň 116-njy sessiýasyna gatnaşýar

Tokioda geçiriljek Olimpiýa oýunlary gijikdirilýär

Ata Watan Eserleri

Bir gün Golliwuddanyň» görkezilişi ýatyryldy

vepa