SPORT

Rimde gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Italiýanyň Rim şäherinde “Milan–Kortina 2026” gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawynyň ýakylmagyna bagyşlanan dabara geçirildi.

Gresiýadan getirilen Olimpiýa alawy Italýanyň Prezidenti Serjo Mattarella tarapyndan Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Kirsti Kowentri, gyşky Olimpiýa oýunlarynyň gurnama komitetiniň ýolbaşçysy Jowani Malago hem-de Italýanyň Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda resmi taýdan ýakyldy.

n Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Kirsti Kowentri dabarada eden çykyşynda Italiýada geçiriljek oýunlaryň onuň prezidentligi döwründe ilkinji gyşky Olimpiýa oýunlary boljakdygyny nygtap, onuň türgenler hem-de bütin dünýä üçin ýatdan çykmajak waka öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Italiýanyň Prezidenti Serjo Mattarella öz çykyşynda Olimpiýa alawynyň parahatçylygyň, agzybirligiň hem-de raýdaşlygyň nyşany hökmünde ähmiýetine üns çekdi. Ol Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň adamzady deňlik, hormat we ösüşe ymtylyş ýaly gymmatlyklara çagyrýan wakadygyny belledi.

Bu darabadan soňra Olimpiýa oýunlarynyň alawy Italiýada öz ýoluny dowam edip, Olimpiýa oýunlarynyň başlanýan gününe çenli dowam eder. Bu döwürde Olimpiýa alawy ýurduň medeni we taryhy ýerlerini, şol sanda köp sanly ÝUNESKO-nyň dünya mirasy sanawyna girýän ýerlerini hem öz içine alar.

2026-njy ýylyň ilkinji giň gerimli sport ýary’y boljak gyşky Olimpiýa oýunlary 6–22-nji fewral aralygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Meşhur horwat futbolçysy Gyrgyzystana tälim berer

Messi Amerikanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi: Özbegistan Ronaldo garşy oýnar

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy