Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna başlanan döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary Astananyň gözel künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýup, beýik söz ussadyny sarpaladylar.
Türkmenler we gazaklar iň ýakyn goňşy bolmak bilen, birek-birege uly hormat-sarpa goýýan, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan, özara düşünişmek däplerine eýerýän doganlyk halklardyr. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylan 2024-nji ýylyň 4-nji iýulynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde beýik türkmen şahyrynyň heýkeliniň oturdylmagy iki halkyň dost-doganlygynyň mizemezdigini nobatdaky gezek aýdyň görkezdi. Ýadygärligiň umumy beýikligi 8,5 metre golaýdyr. Heýkeltaraş Magtymguly Pyragynyň döredijilik bilen meşgullanýan pursadyny şekillendiripdir. Bu günki gün heýkeliň ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwrülipdir.
Ýeri gelende, geçen ýylyň maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan paýtagtymyzdaky «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda birnäçe ýurtlaryň görnükli şahsyýetleri bilen birlikde, meşhur gazak sazandasy, kompozitor Kurmangazy Sagyrbaýulynyň heýkeliniň hem oturdylandygyny nygtamak gerek. Şol ýylyň oktýabrynda bolsa Gazagystanyň döwlet Baştutanynyň ýurdumyza saparynyň çäklerinde Aşgabadyň «Laçyn» seýilgähinde beýik gazak şahyry, görnükli medeniýet we sungat işgäri Abaý Kunanbaýewiň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy. Bularyň ählisi iki doganlyk halkyň birek-birege hormat-sarpasyndan, agzalan şahsyýetleriň gymmatly mirasynyň häzirki nesiller üçin buýsanç hem ylham çeşmesi bolup hyzmat edýändiginden nyşandyr.
