SIZDEN GELENLER

Energetika howpsuzlygy – ýangyç-energetika toplumynyň möhüm ugry

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň ýangyç-energetika ulgamynda diňe bir ykdysady taýdan möhüm ähmiýetli däl, eýsem, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygynyň berkidilmeginde uly orun eýeleýän iri taslamalar amala aşyryldy. Munuň üçin ygtybarly, durnukly energiýa üpjünçiligi, energiýa çeşmeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegi hem-de energiýa netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy zerurdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň energetika syýasaty nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmegi we onuň halkara energetika ulgamyna yzygiderli baglanyşmagyny maksat edinýär.

Türkmenistanyň tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna girýän kuwwatly energetika döwleti bolup durýandygyny bellemek gerek. Ýurdumyz iri nebitgaz kompaniýalary we abraýly maliýe düzümleri bilen işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak arkaly göni energiýa hyzmatdaşlygynyň gerimini düýpli giňeldýär. Şunda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, milli ýangyç-energetika toplumyna iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Milli ýangyç-energetika toplumynyň düzümine girýän elektroenergetika, gaz we nebit pudaklarynyň kärhanalary üstünlikli hereket edip, oňyn görkezijileri gazanýarlar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň önümçilik kuwwatlyklary artyp, tebigy gaz arkaly işleýän döwlet energiýa paýlaýjy ulgamynyň möhüm bölegi bolan birnäçe döwrebap elektrik stansiýalary hereket edýär.

Ýurdumyzda nebithimiýa pudagy hem netijeli ösdürilýär. Içerki bazary üpjün edýän we ýangyç-energetika toplumynyň çig mal binýadyny emele getirýän önümçiligiň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmakda, öndürilýän önümleriň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmekde oňyn netijeler gazanyldy. Sebäbi nebit diňe bir ýangyç däl, himiýa senagatynyň hem möhüm binýadydyr. Bu gymmatly çig mal lybaslary, aýakgaplary, plastik önümleri, boýaglary, metallurgiýa üçin elektrodlary öndürmekde peýdalanylýar.

Wodorod we bioýangyjyň, yşyklandyryş we tehniki kerosiniň, suwuklandyrylan nebit gazynyň, dizel ýangyjynyň dürli görnüşleriniň, tehniki çalgy ýaglaryň we polipropileniň hem-de kalsinirlenen elektrod koksunyň, ýol, gurluşyk bitumynyň we beýlekileriň önümçiliginiň ýola goýulmagyna uly ähmiýet berilýär.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, täze ekologiýa ölçegleriniň çäklerinde iň täze tehnologiýalary özara alyşmak, öňdebaryjy ýöriteleşdirilen enjamlary ýurdumyza getirmek maksady bilen maýadarlary çekmek, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri döretmek Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça alnyp barylýan işleriň esasy ugurlarynyň hataryndadyr.

Şeýlelikde, Türkmenistan sebitde durnuklylygy pugtalandyrmak maksadynda özüniň baý serişdelerinden, strategik taýdan amatly ýerleşmeginden peýdalanmak, parahatçylyga ygrarlylygyny görkezmek bilen, dünýäniň energetika pudagynyň geljegini kemala getirmekde öňdebaryjy orny eýeleýär. Bu bolsa, öz gezeginde, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna şert döredýär.

Aýlar Hudaýberdiýewa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 3NGPYD B toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady

Ylym-bilim – jemgyýetiň hazynasy

Bilim — bagtyýarlygyň binýady

Ylym-bilim ösüşleriň, rowaçlyklaryň gözbaşydyr

Türkmen Bitaraplygy – ählumumy gymmatlyk