MEDENIÝET

Daşkentde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleri geçirilýär

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň 7-nji konsultatiw duşuşygynyň öňüsyrasynda köp sanly syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurly çäreler geçirilýär.

Daşkent şäherinde Merkezi Aziýanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň söwda, we ulag ministrleriniň, şeýle hem medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Sebit ýurtlarynyň işewürler forumy guraldy.

Şol bir wagtda Özbegistanyň kinematografiýasynyň milli köşgünde Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günlerine badalga berildi. Bu medeni çäre sebit ýurtlaryň kinematograflarynyň gatnaşmagynda tegelek stol duşuşygy bilen başlady. Oňa Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň Kinematografiýa boýunça agentliginiň direktory Şuhrat Rizaýew, Azerbaýjan Respublikasynyň Kinematografiýa boýunça agentliginiň baş direktory Adilet Omarow, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik meseleleri boýunça başlygynyň orunbasary Sahysalyh Baýramow we beýlekiler gatnaşýar.

Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň kino günleriniň çäklerinde sebit ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň gysga we uzyn göwrümli çeper filmleri görkeziler.

Kino günleriniň çäklerinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde surata düşüren Magtymguly Pyragy bagyşlanan çeper film hem görkezildi.

Şeýle hem bu medeni çäräniň çäklerinde geçirilýän Türkmenistanyň kino günleriniň dowamynda özbek hem-de bu ýurtdaky daşary ýurtly myhmanlara “Gyzyl kürte” we “Kitap” çeper filmleri hem hödürlener.

Ýene-de okaň

Jahan» döredijilik merkeziniň çagalar tans topary Türkiýedäki festiwala gatnaşdy

Dünýäniň iň garry gorillasy 69 ýaşady

Konkur boýunça gyzgalaňly ýaryş geçirildi

Türkmenistanda TÜRKSOY-yň Molla Nasreddin filminiň surata düşüriliş işleri geçirildi

Aşgabatda Weli Muhadowa bagyşlanan opera konserti we TÜRKSOÝ-yň opera günleri geçiriler

Tokioda türkmen milli gadymy lybaslarynyň, el işleriniň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy