12 – 15-nji noýabr aralygynda Aşgabatda «Türkmentel – 2025» atly XVIII halkara sergi we ylmy maslahat, şeýle hem «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2025» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär.
Çäräniň çäginde «S7» (Russiýa Federasiýasy) awiakompaniýanyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Baş wekili Ýewgeniý Çernyşew metbugat wekillerine ýolagçy gatnadýan kompaniýanyň meýilnamalary barada gürrüň berdi.
Awiakompaniýanyň wekili «S7» uçarlarynyň Merkezi Aziýanyň şäherlerine köpden bäri uçýandygyny nygtady we olaryň bu bazarda üstünlikli işleýändigini belledi. Çernyşew kompaniýanyň Moskwa – Aşgabat ilkinji uçuşynyň 2008-nji ýylda amala aşandygyny ýatlatdy we onuň ýakyn wagtda Türkmenistan bilen üstünlikli hyzmatdaşlygyna 20 ýyl dolýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
«Häzirki wagtda biz Moskwa – Aşgabat we gaýdyş ugry boýunça hepdede ýedi uçuşy amala aşyrýarys. Indiki ýylyň ýazyndan başlap Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýäris. Häzirki wagtda bu meseläniň üstünde çynlakaý iş alnyp barylýar» diýip, Ýewgeniý pikirini beýan etdi.
