SPORT

Özbegistanda Merkezi Aziýanyň iň uly stadiony gurulýar

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirzijoýew Daşkentde guruljak iri sport desgasynyň — döwrebap futbol stadionynyň düýbüniň tutulyş dabarada gatnaşdy. Soňky bäş ýyl Özbegistanyň futbolynda öwrülişik döwri boldy. Milli çempionatlaryň ulgamy täzeden düzülip, çagalar we ýetginjekler üçin futbol akademiýalary döredildi. Sebitlerde 75 uly we 302 kiçi stadion hereket edýär.

Eger-de 2017-nji ýylda ýurtda FIFA we Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň talaplaryna laýyk gelýän diňe 3 futbol meýdançasy bar bolsa, şu gün olaryň sany 10-dan geçýär.

Häzirki wagtda 20 özbek futbolçysy abraýly daşary ýurt klublarynda çykyş edýär. Olaryň jemi transfer bahasy 60 million dollardan geçýär. Aýratynam,  Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň düzüminde çykyş edýän Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy hökmünde bellenildi.

2-nji oktýabrda FIFA geňeşi 2027-nji ýylda 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda futbol boýunça dünýä çempionatyny Özbegistanda we Azerbaýjanda geçirmek barada karar kabul etdi.

Her ýurtda çempionatyň oýunlary üç stadionda geçiriler. Final we ýarym final oýunlary 50 müň tomaşaçydan gowrak orunly stadionda geçirilmelidir — bu FIFA-nyň talaplarynyň biridir. Stadion ähli FIFA düzgünlerine laýyklykda gurlar we Aziýanyň iň iri hem tehnologik futbol desgalarynyň biri bolar.

Bu desganyň işi diňe 2027-nji ýyldaky U-20 dünýä çempionaty üçin däl-de, eýsem, bütin özbek futbolynyň we ýaşlar sportynyň onýyllyklar boýy ösüşiniň itergi berijisi bolar.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri