DÜNÝÄ

Gazak uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

Gazagystanyň Almaty şäherindäki Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Uniwersitetiň mejlisler zalynda Almaty şäherinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga gatnaşyjylara 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri hem-de «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Konstitusion kanunyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berildi.

Mundan başga-da, talyplaryň ünsi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere, şol sanda Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak forumyna görülýän taýýarlyk barada maglumatlar ýetirildi.

Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň garaşsyz ösüş ýyllaryndaky üstünlikleri barada wideoşekiller görkezildi. Türkmen we gazak talyplary tarapyndan milli «Кüştdepdi» tansynyň ýerine ýetirilmegi bolsa, iki ýurduň arasyndaky dostlugyň we medeni ugurdaky özara gatnaşyklaryň özboluşly alamatyna öwrüldi.

Soňra Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň wekili uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Duşuşykda türkmen talyplarynyň bilim almagy we okuw şertleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen we iňlis nakyllary Kindle görnüşinde çap edildi

Azerbaýjan Ukraina awtobuslary berdi we 45 million dollar möçberinde kömek etdi

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy