DÜNÝÄ

Tramp: Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygymyzy has-da pugtalandyrarys

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – ABŞ» («C5+1») döwlet Baştutanlarynyň Sammitine gatnaşdy we Ak Tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen ikitaraplaýyn duşuşyk geçirdi.

Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň Liderleriniň ABŞ-nyň Baştutany bilen duşuşygy boldy. Prezident Donald Tramp sebitiň strategik ähmiýetine ýokary baha berdi. Tramp: «Biz ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarys, howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy kämilleşdirýäris we umumy gatnaşyklarymyzy giňeldýäris» diýip beýan etdi.

Merkezi Aziýanyň ähmiýetini nygtap, ol sebitiň taryhy roluny belledi: «Bu döwletler bir wagtlar Gündogary Günbatar bilen birleşdiren gadymy Ýüpek Ýolunyň mekany bolupdy… Häzirki wagtda olaryň Ýewraziýanyň kalbyndaky ýerleşişi olara aýratyn ähmiýet we ägirt uly kuwwat berýär».

Tramp, ABŞ-nyň dünýä boýunça hyzmatdaşlar bilen üpjünçilik zynjyrlaryny giňeltmek arkaly ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrmak niýetini tassyklap, gün tertibiniň esasy maddalarynyň biriniň örän möhüm peýdaly gazylyp alynýan baýlyklar bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

«Men Amerikanyň bu ýurtlaryň her biri bilen hyzmatdaşlygyny ozalkysyndan has-da pugtalandyrmagy maksat edinýärin… Bu dünýäniň iň möhüm sebitleriniň biridir» -diýip, Tramp belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär