DÜNÝÄ

Türkmenistan-Gyrgyzystan: gümrük ulgamynda ylalaşyga baglaşylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçisi Azizbek Madmarow bilen iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda bellenilip geçildi.

Duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdarlygyny bildirip, ilçi saparynyň maksady barada habar berdi we türkmen-gyrgyz gümrük hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek we güýçlendirmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Duşuşykda ýurdumyzyň gümrük ulgamynyň ähli ugurlary babatynda döwrebaplaşdyrylmagyny gönükdirilen 2022-2028-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasy barada ilçä habar berildi. Bellenilişi ýaly, halkara söwdasynyň ösmegine ýardam bermek, Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini ösdürmek üçin şertleri döretmek, edilýän hyzmatlary sanly ulgam arkaly alyp barmagy üpjün etmek, halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek bu maksatnamanyň öňünde bellenen möhüm meselelerdir.

Taraplar iki ýurduň gümrük gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini, şol sanda maglumat alyşmagy ýola goýmak, statistiki maglumatlary deňeşdirmek, özara haryt dolanşygynyň möçberleriniň artdyrylmagy üçin iki ýurduň üstaşyr mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gümrük işinde ýardam bermek we özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda ikitaraplaýyn ylalaşygyň baglaşmagyň zerurlygy barada aýratyn bellendi.

Ýene-de okaň

Putin bilen Trampyň 4-nji telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy