Soňky 12 ýylyň içinde Türkiýe gämi gezelenç ugry (kruiz) boýunça has ýokary görkezijilere eýe boldy.
2025-nji ýylyň awgust aýynyň ahyryna çenli ýurduň 18 sany gämi duralgasy (deňiz porty) takmynan 1,5 million ýolagçyny kabul etdi. Şeýlelik bilen, Türkiýe bu ugur boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna ynamly aralaşýar.
Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň başyndan bäri deňiz gezelençleri üçin niýetlenen gämileriniň gelip-gidiş sany 17% göterim ýokarlandy. 2024-nji ýyldaky 753 gatnawa garanyňda, bu görkeziji 878-e ýetdi. Ýolagçylaryň sany bolsa 2023-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 56% göterim, 2024-nji ýyl bilen deňeşdireniňde bolsa 18% göterim artdy. Diňe awgust aýynda 357 müňden gowrak ýolagçy kabul edildi: bu taryhda bir aýyň dowamynda hasaba alnan iň ýokary görkezijidir.

Aziýany we Ýewropany birikdirýän 8 müň kilometrlik kenar ýakasy bolan Türkiýe Ortaýer, Egeý we Gara deňizlerdäki portlaryny ulanmak arkaly halkara kruiz kompaniýalary üçin esasy merkezе öwrüldi. Bu ýagdaý dünýäniň dürli künjeginden gelýän syýahatçylaryň ýurtda has köp wagt geçirmegine sebäp bolup, milli ykdysadyýetiň ösmegine goşmaça itergi berýär.
Syýahatçylyk üçin niýetlenen adaty meşhur merkezlerden, meselem, Stambul (Galataport) we Guşadasy ýaly ýerlerden başga-da, täze ugurlar, ýagny Çanakkale (taryhy Troýanyň golaýy), Sinop, Trabzon, Samsun we Marmaris, çalt depgin bilen ösýär we syýahatçylary kabul edip başlady.

Çaklamalara görä, ýylyň ahyryna çenli Türkiýe Respublikasyna deňiz üsti bilen gelýän ýolagçylaryň umumy sanynyň 1,6 milliondan geçmegine garaşylýar.
