JEMGYÝET

Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini berer

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Fazal Muhammad Sabiriň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ministriň orunbasary Owganystanyň demirgazygynda bolup geçen we adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelere getiren ýer titremesi bilen baglanyşykly owgan diplomatyna duýgudaşlyk we goldaw sözlerini bildirdi.

A.Gurbanow bu habaryň Türkmenistanda çuňňur gynanç bilen kabul edilendigini we ýurdumyzyň doganlyk Owganystanyň ilatyna golaý wagtda ynsanperwerlik kömegini bermäge taýýardygy barada aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan halkymyzyň kyn wagtda kömege mätäçlere goldaw-hemaýat bermegiň gadymy däplerini döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň esasy hökmünde dowam etdirýär.

Muny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan dünýäniň dürli ýurtlarynyň, şol sanda Owganystanyň heläkçilikler zerarly ejir çeken çagalaryna we ilatyna yzygiderli esasda iberilýän ynsanperwerlik kömeginiň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar.

Related posts

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň “Euronews” teleýaýlymyna interwýusy

Ata Watan Eserleri

Hazar Ekonomik Forumu’nun kurulması gündemde

vepa