JEMGYÝET

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini ABŞ-a çagyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hat iberdi. Şol hatda ABŞ-nyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek “ABŞ-Merkezi Aziýa” duşuşygyna çagyrdy. 

Bu hatda şeýle diýilýär:

Men Sizi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin 2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrýaryn. Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşarys. Biziň bilelikde ýokary sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn.

Sizi Ak tamda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady