JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby çapdan çykdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde özüniň täze kitabynyň çapdan çykandygyny habar berdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigini belläp, Watanymyzda dünýä belli W.Masson, R.Pampelli, W.Sarianidi ýaly alymlardyr arheologlaryň halkymyzyň şöhratly geçmişi bilen bagly birnäçe açyşlaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, hormatly Arkadagymyza olar bilen, şeýle-de olaryň nesilleri bilen işleşmek, ýurdumyzyň dürli künjeklerine arheologlaryň saparlaryny guramak, umuman, gazuw agtaryş işleri bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barmak miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çeşmelerden getiren maglumatlary täze kitabyň döremegine ýakyndan goldaw berdi.

Hormatly Prezidentimiz Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip edilmegi mynasybetli “Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitaby ýazyp tamamlap, bu kitabyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda mähriban halkymyza sowgat boljakdygyny belledi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitaby çapdan çykypdy. Bu kitap esasan hem ýaşlar üçin uly gollanma öwrüldi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar