DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Mejlisiniň we Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa iş saparynyň çäklerinde Moskwa şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň resmi saýtyna bellenilip geçilýär.

Duşuşykda Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Dünýägözel Gulmanowanyň Moskwa eden saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi.

“Bu — Siziniň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hökmünde Russiýa eden ilkinji saparyňyzdyr. Men pikir edýärin, bu sapar diňe bir parlamentara hyzmatdaşlygyň işjeňleşmegine däl, eýsem iki ýurduň özara peýdaly gatnaşyklarynyň umumy ösüşine hem täze itergi berer” diýip, ol aýtdy.

Walentina Matwiýenko: “Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde iki ýurduň Liderleriniň uly tagallalary ýatyr. Prezidentler Wladimir Putin we Serdar Berdimuhamedow ýakynda Duşenbede GDA döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň hem-de «Russiýa – Merkezi Aziýa» sammitiniň çäklerinde duşuşdylar. Ýylyň ahyryna çenli ýene birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklar meýilleşdirilen. Bu bolsa hyzmatdaşlygymyzyň ýokary derejede we yzygiderli ösdürilýändigini görkezýär.” diýip, belledi.

Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň parlamentara hyzmatdaşlyga berýän ünsüni we goldawyny aýratyn belledi.

Walentina Matwiýenkonyň belleýşi ýaly, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň hyzmatdaşlygy döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegine öwrüldi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hem öz gezeginde Walentina Matwiýenkonyň parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine goşan uly goşandyny belledi.

Duşuşykda Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň hyzmatdaşlyk toparynyň işi barada hem pikir alyşyldy. Federasiýa Geňeşiniň Başlygy ilkinji bilelikdäki mejlisi geçirmegi we “ýol kartasyny” – anyk çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy teklip etdi.

Walentina Matwiýenko parlamentleriň Hökümetara Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça Iş toparynyň işine goldaw bermäge taýýardygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, hyzmatdaşlygyň giňelmeginde iki ýurduň sebitleriniň orny aýratyn ähmiýete eýedir.

Duşuşykda taraplar bilim we medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de rus diliniň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň çäklerinde Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk barada Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.

Walentina Matwiýenkonyň pikirine görä, bu resminama parlamentara gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine täze mümkinçilikler açar.

Ylalaşyk wekiliýetleriň özara saparlaryny, parlamentleriň komitetleri we düzümleriniň arasyndaky gatnaşygy göz öňünde tutýar.

“Taraplar Merkezi Aziýa we Ýewraziýa giňişliginde hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen iň möhüm halkara we sebit meseleleri boýunça geňeşmeler geçirerler” diýlip, resminamada bellenilýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan wekiliýeti ABŞ-nyň Montana uniwersitetinde gepleşikler geçirdi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Russiýanyň Döwlet Dumasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Orhan Zeýnalow: Azerbaýjan Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyna taýýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Sportda dopinge garşy göreş maslahatyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ilçisi BAE-niň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Botswana diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy