DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Efiopiýadaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Addis Abebada şäherinde Türkmenistanyň Efiopiýa Federal Demokratik Respublikasyndaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) M.Işangulyýew bu ýurduň Daşary işler ministrliginiň Protokol müdirliginiň başlygy hanym Aziza Geleta Dessalegne ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Duşuşykda Protokol müdirliginiň ýolbaşçysy Ilçiniň wezipä bellenmegi mynasybetli gutlamak bilen, oňa täze işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi M.Işangulyýew öz gezeginde, Türkmenistanyň we Efiopiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla etjekdigine ynandyrdy.

Mundan başga-da, duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär