Astanada emeli aňy ösdürmek boýunça geňeşiň mejlisi gecirildi, onuň dowamynda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurtda emeli aň ugurly ýöriteleşdirilen ylmy-barlag uniwersitetini döretmegi teklip etdi.
«Her bir hünärmen sanly başarnyklara eýe bolmaly we emeli aňyň mümkinçiliklerini peýdalanyp bilmeli. Häzirki wagtda Gazagystanda hut şu ugurda hünärmenleri taýýarlap biljek aýratyn okuw jaýy ýok. Dünýäde bolsa bu tejribe eýýäm uzak wagt bäri bar. Mysal üçin, BAE-de Mohammed bin Zaýed adyndaky emeli aň uniwersiteti döredildi. Biz hem bu meseläni elimize almalydyrys we anyk çözgüt kabul etmelidiris», — diýip, Tokaýew belledi.
Prezidentiň nygtamagyna görä, gazak ylmy-barlag uniwersiteti bilim, ylym, innowasiýa we halkara aragatnaşyk merkezine öwrülmelidir. Şeýle hem ol geljekki uniwersitete ýörite dereje bermek zerurdygyny aýtdy.
Maglumat üçin
Häzirki wagtda Gazagystanyň 79 uniwersitetinde maglumat tehnologiýasy ugrundan 63 müňden gowrak talyp okaýar. Geçen ýyldan bäri bilim maksatnamalaryna emeli aň dersleri girizildi, şeýle-de degişli ylmy merkezler işini dowam edýär. 2024-nji ýylda gazak alymlary özleriniň dil modeli “KAZ-LLM” ulgamyny döretdiler.
EMELI AŇY ÖSDÜRMEK BOÝUNÇA GEŇEŞ
Gazagystanda emeli aňy ösdürmek boýunça Geňeşiň düzümini belli boldy. Oňa ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Hytaýdan we BAE-den öňdebaryjy alymlar, telekeçiler we döwlet işgärleri girdi. Geňeşiň ilkinji mejlisinde emeli aň we sanly ösüş ministri Žaslan Madiyew möhüm ugurlary kesgitledi: infrastruktura ösüşi, tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we hünärmen taýýarlygy.
Geňeşiň düzümi
Geňeşiň halkara bölegine emeli aň uguryndaky tanymal bilermenler we ýolbaşçylar girdiler:
Kai-Fu Li – “Sinovation Ventures”-iň baş direktory, dünýäniň öňdebaryjy emeli aň hünärmenleriniň biri.
John Hopkroft– Týuring baýragynyň eýesi, hasaplaýyş ulgamlary nazaryýeti boýunça alym.
Meruan Debba – Halifa Ylym we Tehnologiýa Uniwersitetiniň professory.
Joi Ito – Çiba Tehnologiýa Institutynyň prezidenti.
Riçard Sterling – “Oxford Insights”-yň esaslandyryjysy we baş direktory.
Ýasin Şžan – Sinhua uniwersitetiniň Emeli aň industriýasy boýunça ylmy-barlag institutynyň esaslandyryjysy.
Sintiýa Brizel – “MIT Media Lab”-daky “Personal Robots Group”-uň direktory.
Aleksandr Hanin – “Polynome Group”-uň esaslandyryjysy.
Pradeep Khosla – San-Diegodaky Kaliforniýa uniwersitetiniň rektory.
Paul Kim– Stenfordyň Bilim ýokary mekdebiniň öňki CTO we orunbasar dekany.
Laura Taýson – Berkli Kaliforniýa Uniwersitetiniň Haas Biznes Mekdebiniň professory.
Ebtisam Al-Mazrui – BMG-niň “AI for Good” başlangyjynyň ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygy.
Piter Norwig – Stenfordyň ylmy işgär, “Google”-yň öňki gözleg direktory.
Omar Al-Olama – BAE-niň emeli aň, sanly ykdysadyýet we uzak aralykda iş boýunça ministri.
Olaf J. Grot – “Cambrian Futures”-iň baş direktory, Haas biznes mekdebiniň professory.
Nikolýa Sadirak – “01Edu” we “01Talent” okuw platformalarynyň esaslandyryjysy.