DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministri ÝUNISEF-iň wekili bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilen BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratnanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ÝUNISEF-iň 2026-2030-njy ýyllara niýetlenen Türkmenistan üçin Ýurt maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, bu resminama şu ýylyň 3-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň öňdebaryjy edaralarynyň ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji nobatdaky sessiýalarynda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşi tarapyndan tassyklanyldy.

Taraplar täze Ýurt maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça pikir alyşdylar. Maksatnama çagalaryň irki ösüşi, inklýuziwlik we jemgyýete goşulyşmak, howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibi hem-de ýaşlaryň goşulyşmagy ýaly esasy ugurlary öz içine alýar.

Şeýle hem duşuşykda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna ÝUNISEF-iň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de berkitmegiň meselelerine hem garadylar.

Related posts

“Zaha Hadid Architects” global dizaýn garaýyşlaryny «Ak şäherim Aşgabat» maslahatyna getirýär

Gazagystanyň Prezidenti Aşgabada geldi

Türkmenistan bilen Gananyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

Ata Watan Eserleri