DÜNÝÄ

Ermek Koşerbaýew Gazagystanyň daşary işler ministri wezipesine bellendi

Ermek Koşerbaýew Gazagystanyň daşary işler ministri wezipesine bellendi. Degişli karara Prezident Kasym-Žomart Tokaýew gol çekdi.

Gazagystanyň ýolbaşçysynyň beýleki karary bilen Murat Nurtleu daşary işler ministri wezipesinden boşadyldy we Gazagystanyň Prezidentiniň kömekçisi wezipesine bellendi diýip, metbugat gulluklary habar berýär.

Ermek Koşerbaýew ýurduň Daşary işler ministrliginiň düzüminde dürli wezipelerde zähmet çekdi. 2020-nji ýylda Gazagystanyň Russiýadaky ilçisi boldy.

Soňra täzeden Gazagystana dolanyp, 2023-nji ýylda Gazagystanyň Gündogar-Gazagystan oblastynyň häkimi wezipesine bellendi.

Ýurduň daşary işler ministri wezipesine bellenmezden ozal, Ermek Koşerbaýew Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary wezipesinde işleýärdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi