Şu ýylyň sekiz aýyndaky ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisi geçirildi. Onda sekiz aýyndaky makroykdysady görkezijiler boýunça hasabat berildi, hasabata görä, jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň sekiz aýynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we sebitleriň durnukly ösüşi üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,5 göterime, gurluşykda 7 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11 göterime, söwdada 9,8 göterime, oba hojalygynda 4,9 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy.
Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 13,1 göterim artdy, daşary söwda dolanyşygy 5,5 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,8 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 194 birža söwdasy geçirilip, olarda 18 müň 884 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň sekiz aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 105,5 göterime barabar boldy.