JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün Hazar deňziniň kenaryndaky “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek geçirilýän «Türkmenistan-Özbegistan-Azerbaýjan» üçtaraplaýyn duşuşygy boldy. Oňa  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy.

Ýokary derejedäki duşuşygyň jemleri boýunça ulag we logistika, gämi gurluşygy we raýat awiasiýasy pudagyndaky hyzmatdaşlyk etmek boýunça ähtnamalar, haryt biržalary we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk şertnamalaryna gol çekildi.

Ýokary derejedäki duşuşyk tamamlanandan soňra medeni maksatnama geçildi. Şonuň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna orun berildi.

Bu dabaranyň çäklerinde Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de türkmen halkynyň adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe köşekli arwana düýe sowgat etdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe “Tawus” atly ahalteke bedewini sowgat edilipdi.

Mälim bolşy ýaly,  ahalteke bedewi, arwana düýesi, saryja goýny türkmen halkynyň milli gymmatlyklarydyr. Türkmen halky düýe malyny dünýä malyna deňeýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda Ählumumy dolandyryş boýunça Dostlar toparynyň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Annalena Berbok bilen duşuşdy

Türkmenistanda 59 daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň habarçylary hasaba alyndy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen halkynyň Milli Lideri diplomatlar bilen Arkadag şäherinde gurulýan metjide baryp gördi

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy bilen gutlady

Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri gur­ban­lyk sa­da­ka­sy­ny berdi