DÜNÝÄ

Tramp dünýä çempionatynyň bije çekilişiginiň senesini yglan etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bije çekilişiginiň senesini yglan etdi.

Geljek ýyl ABŞ-nyň hem gatnaşmagynda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň bije çekilişi şu ýylyň 5-nji dekabrda Waşington şäherinde Kennedi adyndaky Sungat merkezinde geçiriler.

Bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Ak Tamda eden çykyşynda belläp geçdi.

Onuň aýtmagyna görä, paýtagtda bije çekilişi geçirmek – bu “uly hormat”.

“Bu ajaýyp çäre, dünýä sportunda iň beýik ýaryşdyr. Biz dünýäniň iň gowy türgenlerini ýurdumyzyň medeniýet merkezinde kabul edýänimiz bilen buýsanýarys” – diýip, ol belledi.

Çärä FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino hem gatnaşdy. Tramp ony “gaty zähmetkeş, ajaýyp iş edýän adam” diýip tanyşdyrdy.

FIFA-nyň prezidenti öz ýany bilen dünýä kubogyny hem getiripdir.

Şeýle hem 2026-njy ýylda ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatyna tomaşa etmek isleýän janköýerler üçin ABŞ-nyň wizasyny almak boýunça ýüz tutmak işine badalga berildi. Janköýerler çempionatyň geçjek wagtyna garaşmazdan, häzirki wagtda ABŞ-nyň wizasy üçin ýüz tutup bilerler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary