DÜNÝÄ

«Kids Expo 2025» sergisi geçirilýär

«Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy tomsuň iň garaşylýan çäreleriniň biridir. 21 – 23-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergiler merkezinde geçiriljek sergi-ýarmarka, çagalary we olaryň ene-atalaryny gyzykly bäsleşikler, ussatlyk sapaklaryň dünýäsi bilen tanyşmaga çagyrýar.

Sergi merkezi birnäçe zolaga bölüner, her biri özboluşly täsinlikleri hödürlär.

Sergi merkezi birnäçe zolaga bölüner, her biri özboluşly täsinlikleri hödürlär.

Ýaş oýlap tapyjylar we tehnologiýa muşdaklary üçin kiberzona.

Kiberzonada robotlaryň bäsleşikleri geçiriler, gatnaşyjylar programmirleme we bezeg başarnyklaryny görkezerler. Mundan başga-da, emeli aň bilen interaktiw bäsleşikler, kompýuter oýunlarynyň ösüşi barada tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler.

Ýaş alymlar üçin goşmaça sowgat hökmünde VR ylym zolagy guralar – bu ýerde çagalar howaýy hakykat arkaly ylym dünýäsine syýahat edip bilerler.

Kitap söýüjiler we geljekki suratkeşler üçin zona.

Kitap ýarmarkasynda dürli ýaşdaky çagalara niýetlenen edebiýatlaryň giň görnüşi görkeziler. Şeýle hem möhüm temalara bagyşlanan leksiýalar geçiriler: «Liderlik we toparlaýyn iş», «Ynamly çagany nädip terbiýelemeli», «Çaga bilen haýwanlaryň arasyndaky gatnaşygy ösdürmek». Bu bölekde gatnaşyjylara gyzykly sorag-jogap bäsleşikleri hem garaşýar.

Çeper döredijilik zolaklarynda çagalar öz başarnyklaryny ösdürip bilerler: oýunjaklar we bezegler ýasamak, lybaslaryň bezeg işlerine synlar, torbalary bezemek we keramika bilen işlemek ýaly çäreler guralar.

Moda görkeziliş güni.

«Kids Expo: hemme zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynyň ikinji güni ertekilerdäki şazadalaryň tanslary we çagalar moda görkezilişi bilen başlanar. Ýaşajyk modeller ýurdumyzyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň – Naziliýa Guseýnowa, Ýelena Işankulýewa, şeýle hem Läle Nepesowanyň «Men we meniň gurjagym» atly lybaslar toplumlary bilen çykyş ederler.

Günüň dowamynda ýene-de köp gyzykly şowhunly çäreleriň geçirilmegi garaşylýar.

Sergi günleriniň dowamynda dürli tagamlary we doňdurma hödürleýän Food-zona işlär. Şeýle hem Günorta Koreýanyň medeniýeti barada gyzykly gürrüňler berjek bloglaryň awtorlary bilen duşuşyk geçiriler.

Ýene-de okaň

Nemes kompaniýalary Türkmenistanyň halkara infrastruktura taslamalaryna gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň Namoýandagon Oli Majlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi

Eýran bilen Belarusyň arasynda täze ylalaşyklar gazanyldy

Palestina ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi

Suw hojalygy boýunça döwletara komissiýasynyň mejlisi geçirildi