DÜNÝÄ

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Wagyz işleri boýunça bölüminiň başlygynyň orunbasary Hu Hepiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ählitaraplaýyn strategiki häsiýete eýe bolan we netijeli ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garadylar. Şunda, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde iň ýokary derejedäki gatnaşyklaryň kesgitleýji orna eýedigi aýratyn bellenildi.

Taraplar parlamentara we partiýalar arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar we «Merkezi Aziýa – Hytaý» görnüşindäki dialogyň ähmiýetini nygtadylar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň halkara we sebit düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy bellenildi.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky möhüm ornuny bellediler. Medeni-ynsanperwer ugurdaky, hususan-da bilim, ylym, medeniýet, KHBS we ýaşlaryň başlangyçlary ulgamlaryndaky özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ABŞ-nyň wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşdy