BIZNES

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmagy meýilleşdirilýär

Eýran Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny ep-esli artdyrmak mümkinçiligini öwrenmegi maksat edinýär. Bu mesele energetika ugry boýunça Eýranyň ýokary derejeli wezipeli adamlarynyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Eýran metbugatynyň berýän habaryna görä, Eýranyň energetika ministri, elektrik energiýasyny öndürmek we paýlamak boýunça eýran kompaniýasy “TAVANIR”-iň baş direktory we Yslam maslahaty mejlisiniň agzasy gatnaşan üç taraplaýyn duşuşyk geçirildi. Maslahatlaryň netijesinde Türkmenistandan elektrik energiýasynyň importyny artdyrmak mümkinçiligini öwrenmek barada karar kabul edildi.

Häzirki wagtda Eýran her ýyl Türkmenistandan takmynan 2 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasyny ýurduň demirgazyk-gündogar welaýatlarynda artýan energiýa islegini kanagatlandyrmak üçin import edýär.

Şu ýylyň maý aýynda Maşat–Mary üçünji elektrik geçiriji liniýasynyň gurluşygyny çaltlandyrmak barada ylalaşyk gazanyldy. Bu taslama iki ýurduň arasyndaky energetika hyzmatdaşlygynyň iň möhüm başlangyçlarynyň biri hasap edilýär.

Related posts

Türkmenistan bilen Ukraina işewürler geňeşini döreder

Awtoulag öndürijilerine 8 milliard ýewro maýa goýum

Ata Watan Eserleri

Uluslararası Tarafsızlık Günü Ankara’da Gerçekleştirildi

vepa