BIZNES

“Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy teklip edilýär

Paýtagtymyzda geçirilýän “Ak şäher Aşgabat” atly XXIII halkara sergä “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy hem gatnaşýar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ojar Aziýa” hususy kärhanasy tarapyndan “Sarahs-Mary-Serhetabat” ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynyň taslamasy teklip edilýär.

Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynyň çäklerinde ýerleşjek bu awtomobil ýolunyň uzynlygy takmynan 450 km-e barabar bolar.

Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ini 27,5 metr bolan 4 zolakly ýol bolup, onuň gatnaw bölekleri biri-birinden ýörite bölüji zolak bilen bölüner.

Häzirki wagtda ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň geçjek ýerleri öwrenilýär hem-de bu ýoluň we onuň desgalarynyň şekil taslamalary taýýarlanylýar.

Related posts

Türkmenistanyň wodorod energiýasy boýunça “ýol kartasy” tassyklandy

Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda üstaşyr söwda ylalaşygy baglaşylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda tebigy gazyň eksporty artýar