BIZNES

«Bir penjire» umumy döwlet maglumat web-portaly döredildi

Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» (www.tradebridge.gov.tm) umumy döwlet maglumat web-portaly döredildi. Ol daşary ykdysady işlere gatnaşýanlar üçin «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamynyň elýeterliligini üpjün edýär.

Mehanizm ähli ulanyjylaryň eksport-import amallaryny resmileşdirmek boýunça talaplaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Şunda serhet gümrüginden geçýän harytlar ýa-da ulag serişdeleri hakyndaky maglumat giriş nokadyna diňe bir gezek görkezilýär. Ýurdumyzyň «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamyna goşulyşan 16 ministrligi we pudaklaýyn müdirlikleriniň 22 düzüm bölümi serhet gümrüginden geçirilýän harytlardyr ulag serişdelerine degişli elektron ygtyýarnamalary, şahadatnamalary we beýleki rugsat beriji resminamalary resmileşdirýärler.

Häzirki wagtda bu ulgamda daşary ykdysady işine gatnaşýan 5000 edara hasaba alyndy, elektron görnüşde berlip, hukuklandyrylan edaralar tarapyndan resmileşdirilen arzalaryň sany bolsa 20 müňden-de köpdür. «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamy işe girizilende, BMG-niň, Bütindünýä Gümrük we Bütindünýä Söwda guramasynyň maslahatlarynyň hem standartlarynyň ulanylandygyny bellemek gerek.

Related posts

Türkmenistan bilen Eýran söwda gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Germaniýanyň «BASF» topary hyzmatdaşlyk ugurlaryny maslahatlaşdy

Telekeçiler mekdebi: “Sanly marketing we sanly mahabat” ugrunda sapak berýär

Ata Watan Eserleri