JEMGYÝET

“Makul habar” elektron gazeti: BMG-niň Awaza forumyna bagyşlanan ýörite sany

Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň her hepde taýýarlap, okyjylar köpçüligine ýetirýän “Makul Habar” elektron gazeti nobatdaky sanyny dünýä taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna bagyşlady.

103 ýurtdan 5700-den gowrak gatnaşyjyny jemledi. Oňa 32 deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurduň 30-sy, 16 döwlet we hökümet ýolbaşçysy, 3 wise-prezident, 108 ministr, 100-den gowrak parlament agzasy, 29 halkara guramasy we 450-den gowrak hökümete degişli bolmadyk guramanyňgatnaşmagyndaky ýokary derejedäki wekilçilikli forum baradaky habarlary gyzgyny bilen okyjylar köpçüligine ýetiren Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnaly özüniň elektron gazetiniň nobatdaky sanyny hem bu foruma bagyşlady.

Adatça, 4 sahypa taýýarlanan bu gazet bu gezek forumyň çäreleriniň aglabasyny okyjylara ýetirmek üçin 8 sahypa edip taýýarlap, elektron görnüşdäki okyjylar köpçüligine ýetirdi.

Bu habarymyzyň PDF şu ýerden ýükläp alyp bilersiňiz Makul_Habar_31

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aziýa ösüş bankynyň wekili Artur Andrisýagy kabul etdi