DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň wekiliýetleriniň duşuşygy

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň daşary işler ministriniň orunbasary Walid bin Abdulkarim Al-Hureýjiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga aýratyn üns berdiler.

Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda türkmen-saud hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmäge özara gyzyklanma bildirildi.

Related posts

Hytaý Afrika 50 milliard dollar gönükdirýär

Ata Watan Eserleri

«Таliban» Hereketi: TOPH we beýleki infrastruktura taslamalaryny goldaýarys

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri